Şu gün, 5-nji noýabrda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda taryhda 60-njy gezek Prezident saýlawlary geçiriler. Ýurtda iň ýokary wezipe ugrunda Demokratik partiýa wekilçilik edýän häzirki wise-prezident Kamala Harris we Respublikan partiýadan dalaşgär, ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp göreşýär. Prezident bilen bir wagtyň özünde wise-prezident hem saýlanýar: demokratlar Minnesotanyň gubernatory Tim Uolzy, respublikanlar bolsa Ogaýodan senator Jeý Di Wensi hödürlediler. ABŞ-da saýlawlar, adatça, iki basgançakly ulgam boýunça geçirilýär. Ählihalk ses berişliginden soň, ses berişlik 50 ştatyň her birine we Kolumbiýa okrugyna wekilçilik edýän saýlaw wekilleriniň kollegiýasynda dowam edýär. Olar öz sebitleriniň netijelerine görä öz seslerini berýär. Umuman, ulgama 538 saýlaw wekili gatnaşýar, dalaşgäre bolsa ýeňiş gazanmak üçin azyndan 270 ses almak gerek. ABŞ-da, takmynan, 244 million raýatyň saýlaw hukugy bar. Birnäçe ştat öň saýlawçylara möhletinden ir ses bermek mümkinçiligini hödürledi. Duşenbe güni agşama çenli bu hukukdan 78 milliondan gowrak amerikaly peýdalandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir