Mersedes-Benz kompaniýasy ulaglary syçraýan daşlaryň we beýleki predmetleriň zeper ýetirmeginden goramak üçin özboluşly ulgam döretmegiň üstünde işleýär. Lidarlaryň we mikrofonlaryň utgaşmasy bilen täze tehnologiýa ýolda duşup biljek howplary ýüze çykarmaga we olardan gaça durmaga kömek eder diýip, Carmoses.com ýazýar. Häzirki wagtda adaptasiýa kruiz dolandyryşy we awtopilot üçin ulanylýan lidar ulgamlary hem uçýan zatlaryň traýektoriýasyny, tizligini we ululygyny yzarlap bilýär. Algoritmleri ulanyp, ulgam howpuň derejesini hakyky wagtda kesgitlär we zerur bolsa, zolagy üýtgetmek ýa-da tormoz basmak üçin sürüjä kömegi işjeňleşdirer we şeýlelik bilen zeper ýetmek howpuny azaldar. Mundan başga-da, mikrofonlar ýüze çykarmagyň goşmaça ätiýaçlyk ulgamy bolmak bilen, ygtybarly goragy üpjün eder. Bu çözgüt abatlaýyş çykdajylaryny azaldyp, ýol howpsuzlygyny ýokarlandyryp biler. Käbir öndürijiler kamera esasly ulgamlaryň onsuzam ýol belgileri we beýleki ulag serişdeleri ýaly, görünýän zatlary tapmaga ökdedigini öňe sürüp, lidaryň şunuň ýaly ulanylmagynyň zerurdygyna-däldigine ikirjiňlendiler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir