Singapurda geçirilýän gysga suwda ýüzmek boýunça Dünýä kubogynyň üçünji tapgyrynda üç dünýä rekordy täzelendi. Fransiýadan dört gezek Olimpiýa çempiony Leon Marşan 200 metr aralyga toplumlaýyn ýüzüşde täze rekord goýdy. Ol bu aralygy 1 minut 48,88 sekuntda geçdi. 22 ýaşly türgen 2012-nji ýylda amerikaly Raýan Lohten tarapyndan 1.49,63 görkezijisi bilen goýlan öňki rekordy täzeledi. Amerikaly zenan suwda ýüzüji Regan Smit hem 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy – 54,27 sekunt. Ol özüniň Günorta Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen Dünýä kubogynyň ikinji tapgyrynda goýan rekordyny (54,41) täzeledi. Regan Smit hem 22 ýaşynda. Öz dünýä rekordyny ýene bir türgen – şweýsariýaly Noe Ponti täzeledi. 23 ýaşly suwda ýüzüji 50 metr aralyga batterflýaý usulda deslapky ýüzüşde 21,50 sekunt netijäni görkezdi. Öňki rekordy 20-nji oktýabrda Şanhaýda geçirilen Dünýä Kubogynyň tapgyrynda goýupdy (21,67).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir