NASA we ABŞ-nyň Ummanlar we atmosfera barlaglary milli müdirliginiň alymlarynyň alan täze maglumatlary 2024-nji ýylda Antarktidanyň üstündäki ozon deşiginiň meýdanynyň ep-esli kiçelendigini görkezýär diýip, Hi-Tech Mail habar berýär. Güýzüň birinji ýarymynda geçirilen ölçeglere görä, ozon deşiginiň iň uly meýdany 22,4 million inedördül kilometre barabardyr. Bu 1992-nji ýyldan bäri iň pes ýedinji dereje boldy. Onuň 1987-nji ýylda kabul edilen halkara şertnamasynyň Monreal teswirnamasynyň täsiri bilen baglanyşyklydyr. Onuň durmuşa geçirilmegi netijesinde, hloroflorokarbonlar ýaly ozon gatlagyny ýoklaýan himiki serişdeleri ulanmak boýunça çäklendirmeler girizildi. Şondan bäri hemra ölçegleri ozon gatlagynyň kem-kemden dikelýändigini görkezýär. Hünärmenler ozonyň has demirgazyk sebitlerden hereketiniň Antarktidadaky konsentrasiýasyny dikeltmäge kömek edýändigini bellediler. Çaklamalara görä, häzirki tendensiýa dowam etse, 2066-njy ýyla çenli ozon deşigi düýbünden ýok bolup biler.