Meşhur nemes sözlügi Duden nemes dilinde iň uzyn sözleriň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny 67 harpdan ybarat bolan Grundstucksverkehrsgenehmigungszustandigkeitsubertragungsverordnung sözi eýeledi diýip, sözlügi düzüjileriň saýtynda habar berilýär. Bu söz arkaly “ýer bölegi bilen şertnama rugsat berlende ýurisdiksiýany geçirmegiň düzgüni” aňladylýar. Bellenilişi ýaly, ol orfografiki sözlügiň öňki neşirlerindäki iň uzyn sözden 23 harp uzyndyr. Ikinji we üçünji orunlary 58 harpdan ybarat sözler paýlaşýar. Bu Uelsiň Llanfairpwllgwyngyllgogerychwyrndrobwllllantysiliogogogoch toponimi we “ýol drenažyna maýa goýumlar üçin karz hyzmaty tölegleri” manysyny berýän Strasenentwasserungsinvestitionskostenschuldendienstumlage nemes adalgasydyr. Sanawy 56 harpdan ybarat bolup, “energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça gysga möhletli çäreleriň düzgüni” diýmegi aňladýan Kurzfristenergieversorgungssicherungsmasnahmenverordnung jemleýär. Duden-iň maglumatlaryna görä, reýtinge diňe soňky 10 ýylda işjeň ulanylan we KHBS-de azyndan bäş gezek duşan sözler goşuldy. Duden şeýle uzyn düzümli adalgalaryň, köplenç, ýuridik we býurokratik nemes dilinden gelip çykýandygyny belleýär.