"Adam-garynja we Ary: Kwantomaniýa (gyzykly, ajaýyp we haýran galdyryjy)" filmi kassa ýygymynda şowsuzlyga, tankytçylaryň we tomaşaçylaryň ýaramaz synlaryna duçar bolsa-da, kän bir çykdajyly bolmady. Forbes-iň habaryna görä, gülküli kino (kinokomiks) Marvel studiýasyna (Disneý media konglomeratyna degişli), takmynan, 88 müň dollar girdeji getirdi. Film 2023-nji ýylyň fewral aýynda görkezildi. Box Office Mojo analitikleriniň pikiriçe, filmiň dünýädäki kassa ýygymy 476 million dollar boldy. Şol bir wagtyň özünde filmiň öndürilmegi üçin 300 million dollardan gowrak pul sarp edildi. Adatça, studiýalar girdejiniň 50%-ini alýar, ýagny Disneý bu filmden, takmynan, 238 million dollar gazandy. Bu onuň önümçilik çykdajylaryndan arassa 92 million dollar az. Şeýle-de bolsa, filmiň Beýik Britaniýada surata düşürilmegi ony halas etdi. Bu ýurtda filmi surata düşürmek üçin önümçilik çykdajylarynyň öwezini dolýan ýörite salgyt ýeňillikleri berilýär. Beýleki studiýalaryň köpüsi ýaly, Disneý aýratyn taslamalary üçin çykdajylaryny aýan etmeýär. Şeýle-de bolsa kompaniýalar Beýik Britaniýada işgärleriniň sanyny, aýlyk haklaryny we sosial üpjünçilik goşantlaryny, ähli çykdajylaryny görkezýän maliýe hasabatlaryny bermeli. Bir kompaniýada 250-den gowrak adam işleýän bolsa, erkekler bilen aýallaryň arasyndaky aýlyk tapawudy hem açmaly. Mundan başga-da, işgärleriň aýal-gyzlarynyň göterimini görkezmeli. Şeýle-de bolsa, studiýalar bu aç-açanlyga "diňe bir Beýik Britaniýanyň ajaýyp landşaftlary we ýokary hünärli zehinleri üçin däl-de, eýsem çykdajylarynyň 25.5%-iniň öwezini dolmaga mümkinçilik berýän salgyt ýeňillikleri sebäpli razy bolýarlar" diýip, Forbes ýazýar. Bu höweslendiriji kömekleri almak üçin studiýalar býudjetiniň azyndan 10%-ini Beýik Britaniýadaky amallara sarp etmeli we her film üçin şol ýerde "bagly" kärhanasyny döretmeli. Bu kompaniýa önümçiligiň ähli tapgyrlary üçin jogapkär bolmaly we maliýe hasabatlaryny tabşyrmaly. Şeýle-de bolsa, bu ýönekeý däl. Kompaniýalar köplenç kän ünsi çekmezlik üçin kod atlaryny ulanýarlar. “Kwantomaniýa” üçin jogapkär Disneý tarapyndan döredilen kompaniýa “Pym Productions III UK” diýlip atlandyryldy. Soňra studiýa ssenaristden ssenarini satyn alýar we filmi öndürmekdäki hyzmatlary üçin "bagly" kärhanasyna töleýär. Bir kompaniýa girdeji gazansa, artykmaçlyklar salgyt jogapkärçiligini azaldar. Ýitgiler çekýän bolsa, kompaniýa salgyt karzyna bil baglap biler. Şol bir wagtyň özünde, studiýalar ýitgileri görkezjek derejede maliýeleşdirýärler. Şeýlelikde, studiýanyň filme bolan hukuklary býudjetiň, takmynan, 74,5%-ini, galan 25.5%-ini karz görnüşinde iňlis kompaniýasyndan satyn alýar. Karzlar girdeji hasaplanmaýar, şonuň üçin kompaniýa salgyt karzy bilen öwezini dolýan ýitgini hasaba alýar. Beýik Britaniýanyň hökümeti bolsa film çykdajylarynyň 25,5%-ini töleýär. Netijede, “Kwantomaniýa”-dan ilkinji ýitgi 58,3 million dollar bolan salgyt ýeňillikleri bilen öwezini doldy. Bu studiýa 88 müň dollar arassa girdeji almaga mümkinçilik berdi.