Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde ilkinji gezek giňişleýin düzümde geçirilýän XVI BRIKS Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Forum “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezinde geçirildi. Oňa 30-dan gowrak daşary ýurt döwletleriniň wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ŞHG-niň we GDA-nyň ýolbaşçylary, şeýle hem Täze ösüş bankynyň prezidenti bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, XVI BRIKS Sammitiniň “BRIKS+” görnüşindäki plenar mejlisine gatnaşdylar. Ozal habar berlişi ýaly, BRIKS 2006-njy ýylda Peterburg halkara ykdysady forumynyň dowamynda esaslandyryldy we şondan bäri geçen döwürde dünýäniň abraýly düzümleriniň birine öwrüldi. Geljekki hyzmatdaşlaryň barha artýan gyzyklanmalary göz öňünde tutulyp, “BRIKS+” formaty döredildi. Bu format häzirki döwrüň ählumumy meseleleri boýunça netijeli dialog üçin meýdança bolup durýar. Durnukly ösüşe hem-de özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bu hyzmatdaşlygyň ugurlary her ýyl geçirilýän ýokary derejedäki Sammitlerde we köptaraplaýyn duşuşyklarda kesgitlenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir