Alymlar soňky 10 müň ýylda iň uly wulkan atylmasynyň takyk senesini kesgitlediler. Netijeler Dendrochronologia žurnalynda çap edildi diýip, rbc.ru habar berýär. Gözleg işleri Ýamaldaky ýarym galyndy agaçlaryň ösüş halkalaryny öwrenmeklige esaslanýar. Ural Federal Uniwersitetiniň we Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Ural şahamçasynyň Ösümlik we haýwan ekologiýasy institutynyň hünärmenleri soňky 10 müň ýylyň iň güýçli wulkan atylmasyna ünsi jemlediler: olar Ilinskide (Kamçatka), Mazamada (Demirgazyk Amerika) we Kikaýda (Ýaponiýa) atylan wulkanlardyr. Kikaý wulkany atylanda, onuň massasy 300-den 450 kub kilometre çenli zyňylyp, bu wulkan partlamalarynyň iň ulusy boldy. Beýlekiler bilen deňeşdirsek, Ilinskiý we Mazama wulkanlarynyň zyňyndylary, takmynan, 150 kub km-e deň boldy. Ýamaldaky agaç halkalarynda bolup biläýjek anomaliýalary seljermek, wulkan atylmasynyň senesini anyklamaga kömek etdi: onda gözlegçiler b.e.öňki 5281-nji ýyla degişli möhüm üýtgeşmeleri ýüze çykardylar. Ösümlikleriň haýal peselmegi we halkalardaky patologiki gurluşlar, wulkan atylmasy sebäpli howanyň düýpgöter üýtgändigini görkezýär. "Güýçli wulkan atylmasynyň netijesinde howa täsiriniň bir-üç ýyldan soň ýüze çykýandygy sebäpli, partlama özi b.e. öňki 5283-nji ýylda bolup biler" diýip, alymlar netijä geldiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir