Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) täze “Chandrayaan-4” Aý missiýasynyň jikme-jikliklerini ýaýratdy. Bu barada "Spacenews" habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, bu wezipe Aýyň günorta polýusynyň çäginde Aý topragynyň nusgalaryny ýygnamaga gönükdiriler. Milanda geçirilen Halkara kosmonawt kongresinde ISRO-nyň metbugat sekretary P. Wiramuwela “Chandrayaan-4”-iň iki blokdan (bölekden) ybaratdygyny, aýratyn LVM-3 raketalarynda uçuryljakdygyny aýtdy. Bloklar (bölekler) geosinkron orbitada ýerleşer we bilelikde Aýa syýahat eder. Bu wezipe Aýyň günorta ýarym şarynyň 85 - 90 gradus giňişliginde gonmagy, nusgalary ýygnamagy, Aý orbitasynda duralga we nusgalar bilen Ýere gaýdyp gelmegi öz içine alýar. "Mundan başga-da, ekipažymyzyň Aýa gonmak missiýa mümkinçiliklerini görkezip bileris"diýip, Wiramuwela çykyşynda belläp geçdi. Missiýanyň esasy maksady üç kilograma golaý nusgalary ýygnamakdyr. Şeýle-de bolsa, Aýyň topragynda iki metr çuňluga çenli burawlamak üçin ISRO täze tehnologiýalar zerurdyr (Barlag geçirmek üçin Aý topragynyň ýüzünden däl-de, iki mert çuňlukdaky toprakdan nusga hökmünde alynýar). Bu missiýanyň gonjak ýerini saýlamak boýunça gözleg işler dowam edýär. Ýöne häzirki wagtda "Chandrayaan-3-iň" gonan ýeri Şiw Şaktida gämini gondurmak göz öňünde tutulýar. “Chandrayaan-4”-iň uçurylyşy 2027-2028-nji ýyllarda meýilleşdirilýär. Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) Ýaponiýanyň howa giňişliginiň gözleg gullugy (JAXA) bilen bilelikdäki "Chandrayaan-5 / LUPEX" taslama missiýasyny hem işjeň ösdürýär. Bu missiýanyň wezipesi Aýyň günorta polýusyndaky buzly suwlary we hemişelik kölegeli ýerleri öwrenmek üçin niýetlenendir. Bu missiýa 2028-2029-njy ýyllarda başlamak göz öňünde tutulýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir