Hytaý ýurduň ilkinji ýüzýän gün elektrik stansiýasyny (bekedini) işe girizmäge taýýarlanýar. "Yellow Sea No. 1" atly fotoelektrik platformasy Şandun ýarym adasynyň günortasyndaky Sary deňizde gurlar diýip, New Atlas ýazýar. Bir ýyllyk synag möhleti başlamazdan öňinçä, häzir stansiýanyň (bekediň) enjamlaryny gurnamak, düzmek işleri soňky tapgyrda dowam edýär. "Yellow Sea No. 1-iň" boýy 1, 10 metr bolup, 64 buý bilen goldanýar we deňiz düýbüne berkidilen troslar bilen ýerinde saklanýar. Ol beýikligi 10 metre çenli tolkunlara çydap biler. 1624 inedördül metr bolan platformada 434 fotoelektrik paneli oturdyldy. Synag wagtynda inženerler platformanyň ýele, tolkunlara garşy çydamlylygyna baha bererler. Şeýle hem gurluşyň berkligini we elektrik öndürmegiň netijeliligini barlarlar. Synag Hytaýda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde möhüm ädimdir we deňiz baýlyklaryny durnukly peýdalanmak üçin täze mümkinçilikleri açýandyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir