“ExoMars-TGO” zondunda oturdylan rus ACS guraly, Marsyň atmosferasyndaky hlor birleşmeleriniň konsentrasiýasynda adaty bolmadyk durnuksyzlygy hasaba aldy. Bu açyş barada, Russiýa Ylymlar akademiýasynyň kosmos gözlegleri institutynyň gözlegçisi Mihail Luginin Gün ulgamynyň gözlegleri boýunça XV Moskwa simpoziumynda habar berdi. Alnan maglumatlar, planetanyň üstki bölegine golaý ýerleşýän hlor çeşmeleriniň bardygyny görkezýär. Gözlegçiler ilkinji gezek planetanyň Günden iň uzak aralykda ýerleşýän döwründe (afeliý) Marsyň atmosferasynda duz kislotasyny tapdylar. “Bu açyş bize häzirki Mars ýylynda (2022-nji ýylyň dekabry - 2024-nji ýylyň noýabry) Marsyň atmosferasyndaky hlor birleşmeleriniň konsentrasiýasynyň durnuksyzlygyna gözegçilik etmäge itergi berdi” – diýip, TASS Lugininiň sözlerini getirýär. Geçirilen gözlegler, planetanyň demirgazyk ýarym şarynda, esasanam, Patera Alba wulkanyna ýakyn ýerlerde hlor çeşmeleriniň bardygyny görkezdi. Bu açyş Marsda “sönen” wulkanlary öwrenmegiň möhüm serişdesine öwrüldi, sebäbi şeýle hlor zyňyndylary wulkan işjeňligi bilen baglanyşykly bolup biler. Gözlegçi: “Bu hlor birleşmeleriniň zyňyndylarynyň tapylan ýerlerini Marsyň kartasyna geçirsek, onda olaryň hemmesiniň diýen ýaly Patera Alba wulkanynyň eňňitlerinde ýerleşýändiklerine göz ýetireris. Wulkanyň töweregindäki jaýrylan ýerler hlor birleşmeleriniň çeşmesi bolup biler”. “ExoMars” missiýasy Russiýa bilen Ýewropanyň bilelikdäki taslamasydyr. Missiýanyň orbital bölegi 2016-njy ýylda Marsa iberildi we ol häzir hem Gyzyl planetanyň atmosferasynyň düzümini we aýratynlyklaryny öwrenmegini dowam etdirýär. “ExoMars”-yň ikinji missiýasy, 2022-nji ýylyň başynda kosmosa çykarylmagyndan birnäçe aý öň Ýewropa tarapynyň karary bilen ýatyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir