Şweýsariýanyň sagat öndüriji kompaniýasy Patek Philippe bazara Cubitus ady bilen täze sagat hataryny çykardy. Bu kompaniýanyň 1999-njy ýyldan bäri ilkinji täze kolleksiýasy diýip, CNBC kanaly habar berýär. Kolleksiýa üç modelden ybarat: ikisi – polat korpusly we biri – platinaly. Öndürijiniň bellemegine görä, kolleksiýa “aňrybaş sport stiliniň täze düşündirişidir”. Iki polat görnüşiň gülgüne altynly iki reňklisi wintaž duýgyny döretmek üçin niýetlenen, beýlekisi bolsa doly polat bolup, sport ruhuna laýyk gelýär we reňkli siferblat bilen tapawutlanýar. Platina modeli giňeldilen funksionala, şol sanda hepdäniň günlerini we Aý döwürlerini görkezmek üçin aýratyn siferblata eýe boldy. Täze sagatlar döwrebap tehnologiýalar, şol sanda ultra-inçe öz-özi tow berilýän mehanizm we 18 millisekuntda dürli displeýlerdäki görkezmeleriň gabat gelmegini üpjün edýän çalt geçiş mehanizmi bilen enjamlaşdyryldy. Patek Philippe kompaniýasy Audemars Piguet we Vacheron Constantin bilen bir hatarda lýuks sagatlary öndürijileriň “uly üçlügine” girýär. Kompaniýa 1839-njy ýylda esaslandyryldy. Patek Philippe Grandmaster Chime dünýäde iň gymmat goşar sagatlary hökmünde rekordy saklaýar – olar 2019-njy ýylda Christie’s auksionynda 31 mln dollara satyldy. Iň gymmat jübi sagatlary 1930-njy ýyllaryň başynda çykarylan we 2014-nji ýylda auksionda 24 mln dollara satylan altyn Henry Graves Supercomplication hasaplanylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir