Colossal Biosciences biotehnologiýa kompaniýasynyň alymlary tasman möjeginiň has doly genomyny kesgitlemegi başardylar, olar şeýle hem tilasin (Tylacinus cynocephalus) diýlip hem tanalýar. Indi hünärmenler ýok bolup giden bu görnüşi “dikeltmek” isleýärler. Bu barada Melburn uniwersitetiniň (Awstraliýa) genetika we ösüş biologiýasy boýunça professory Endrýu Pask Live Science neşirine gürrüň berdi. Genetikler tilasiniň 110 ýyllyk dokumasynyň (haýwanyň etanolda saklanan kellesinden alnan) nusgasyny ulanyp, esasy DNK we RNK yzygiderliligini çykardylar, bu haýwanyň dürli organlarynyň işleýşini öwrenmäge mümkinçilik berdi. 1930-njy ýyllarda ýitip giden tasman möjegi Awstraliýada we Tasmaniýada ýaşap geçen ýyrtyjy süýdemdirijidir. Bu haýwanlaryň iň soňkusy 1936-njy ýylda haýwanat bagynda aradan çykdy. Alymlar DNK-dan we RNK-dan alnan nusganyň gaty gowy saklanyp galandygyny bellediler. Bu dürli dokumalarda işjeň genleri öwrenmäge we haýwanyň biologiýasyna has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berdi. Tilasinleri dikeltmek taslamasy üçin alymlar tasman möjeginiň iň ýakyn diri garyndaşy bolan torbaly syçanlary ulanmagy meýilleşdirýärler. Colossal Biosciences-da bu syçanlarda owulýasiýa stimul döretmegiň usullaryny eýýäm işläp düzdi we ýakyn wagtda hünärmenler tilasiniň genini olaryň ýumurtgalyklaryna girizmekçi. Geljekde bu syçanlar genetiki taýdan dikeldilen tilasinleriň düwünçekleri üçin emeli ene bolup bilerler. Şol bir wagtda taslamanyň çäklerinde düwünçejikleri ösdürip ýetişdirmek üçin emeli ýatgy döretmegiň üstünde işlenilýär. Alymlar bu tagallalaryň netijesinde diri tilasin çagalarynyň dogulmagyna we tilasinleriň ýabany tebigata gaýdyp gelmegine umyt baglaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir