Meksikanyň hökümeti çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda barha artýan semizlik meselesine garşy göreşmek üçin bilim edaralarynda sagdyn däl iýmitleriň hem-de şekerli içgileriň satylmagyny düýbünden gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň bilim ministri Mario Delgadonyň beren beýanyna salgylanýan TASS habar berýär. Bu gadaganlyk 2025-nji ýylyň 29-njy martyndan güýje girer we başlangyç, orta we ýokary mekdepleriň hemmesini öz içine alar diýip, ministr prezident Klaudiýa Şeýnbaumyň metbugat ýygnagynda aýtdy. Ministr köp mukdarda zyýanly maddalary we kaloriýany öz içine alýan ultra gaýtadan işlenen iýmitleri mekdep naharhanalaryndan aýyrmaga esasy ünsi çekdi. Ministriň sözlerine görä, Meksikanyň mekdep iýmiti baradaky kanunçylygynyň häzirki görkezmeleri ýeterlik derejede täsirli bolmady we bu mekdepleriň 98% -iniň sagdyn däl iýmitleri, 95%-iniň şekerli içgileri we 79%-iniň gazly suwlary satmagyna sebäp boldy. Ýolbaşçynyň bellemegine görä, mekdep okuwçylarynyň arasynda semizlik meselesi has ýitileşdi. “Milli saglyk we iýmitleniş barlagynyň netijesine görä, 5-11 ýaş aralygyndaky okuwçylaryň 5,7 milliony, 12-19 ýaş aralygyndaky okuwçylaryň 10,4 milliony semizlikden ejir çekýär. Bu meseläni biz ünsden düşürip bilmeris"- diýip, ministr habar berdi . Delgado mekdep okuwçylarynyň 66%-inden gowragynyň şekeri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan kesgitlenen kadadan köp kabul edýändigini aýtdy. Ýagdaý çagalaryň we ýetginjekleriň köpüsiniň az hereketli durmuşy bilen bagly has-da agyrlaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir