23-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Şu gezekki çäräniň maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, dünýäniň energetika ulgamyndaky soňky ýörelgelere göz aýlamakdan we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr. Ýöriteleşdirilen maslahat utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşýarlar. Şu gezekki forum ýüzlerçe gatnaşyjyny, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, banklaryň wekillerini bir ýere jemledi. Olaryň käbiri pikir alyşmalara sanly ulgam arkaly goşuldylar. Myhmanlar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge gönükdirilen täzeçillikler, dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyryldy. 70-e golaý kompaniýa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň 40-dan gowragy daşary ýurtlardan, hususan-da, Belgiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Gazagystandan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Türkiýe Respublikasyndan, Özbegistandan, Fransiýadan, Ýaponiýadan gatnaşýan kompaniýalardyr. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, ýangyç-energetika toplumynda işleýän onlarça pudaklaýyn kärhanalaryň, hususy telekeçileriň diwarlyklary serginiň esasy bölegini eýeledi. Bu ýerde myhmanlar uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, çykarmak, ibermek we saklamak ulgamlaryny üpjün etmek, çuň burawlamak, ozalky hereket edýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, olaryň täzelerini gurmak, nebiti, gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatlaryň giň toplumy bilen tanyşdyrylýar. Günüň ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat öz işine başlady. Onda energetika bazarlarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlar we hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek, energetiki geçiş, innowasion tehnologiýalaryň hem-de adam maýasynyň eýeleýän orny, energetiki geçişde az uglerodly ýangyçdan peýdalanmak, metanyň, uglerodyň dioksidiniň zyňyndylaryny azaltmak, gazy ýer astynda saklamak we geotermal energiýa ýaly möhüm meselelere garaldy. Utgaşykly görnüşde geçirilen umumy mejlise BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Özbegistanyň energetika ministri Jurabek Mirzamahmudow, Gazagystanyň «KazMunaýGaz» milli kompaniýasy paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Ashat Hasenow, BAE-niň «ADNOC» kompaniýasynyň halkara işewürlik, gaz we suwuklandyrylan tebigy gaz boýunça uly wise-prezidenti Abdulla Al Şamsi, «CNPC» kompaniýasynyň wise-prezidenti Çžan Daoweý, «S&P Global Commodity Insights» kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Deniel Ýergin, «British Petroleum» kompaniýasynyň gözleg işini geçirmek we özleşdirmek boýunça ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ariel Flores we beýlekiler gatnaşdylar. Soňra maslahatyň işi mowzuklaýyn mejlisler görnüşinde dowam etdi. «Energetiki geçiş üçin çig mal harytlary: esasy meýiller we maýa goýum mümkinçilikleri» ady bilen geçirilen birinji mejlise «Baker Hughes», «Eni S.p.A.», «Dragon Oil», «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» we beýleki daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Halkara maslahatyň işi 25-nji oktýabra çenli dowam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir