Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň wekiliýeti Türkmen-Türk parlamentara dostluk toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin 20-25-nji oktýabr aralygynda Türkiýä iş saparyny amala aşyrýar. Bu barada TmCars-a Türkmenistanyň Ankaradaky diplomatik ilçihanasynda habar berdiler. 21-nji oktýabrda Türkmenistan Mejlisiniň wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky daşary ýurtlardaky diasporalar we watandaşlar boýunça edarasynyň (YTB) başlygy Abdullah Eren bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda, türkmen wekiliýetiniň agzalary türk tarapyny Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şol sanda ýurdumyzda ýaşlar syýasaty babatynda, şeýle hem ylym, bilim ugurlardaky kanunçylygyndaky özgertmeler hem-de bu ugurlarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar. 22-nji oktýabrda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň binasynda Türkmen-Türk parlamentara dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda, deputatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljeginiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şol bir wagtyň özünde, deputatlar parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, degişli komitetleriň arasynda hyzmatdaşlygy alyp barmagyň ugurlaryny kesgitlemek we parlamentleriň wekiliýetleriniň özara saparlaryny guramak barada pikir alyşdylar. Şol gün, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň birnäçe komitetleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary hem geçirildi. Bu ugurda, Türkiýäniň Mejlisiniň Daşary gatnaşyklar komissiýasynyň başlygy Fuat Oktaý bilen bolan duşuşygyň dowamynda, Türkmenistanyň alyp barýan parlament diplomatiýasynyň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Soňra, Türkiýäniň Mejlisiniň Içeri işler baradaky komissiýasynyň başlygy Süleýman Soýlu bilen geçirilen duşuşykda doganlyk ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 23-nji oktýabrda Türkmenistan Mejlisiniň wekilleriniň Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Nuh Ýylmaz bilen hem duşuşygy boldy. Duşuşykda, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Türkiýäniň düýbüni tutujy we ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň Ankarada ýerleşýän aramgähine gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar, şeýle hem ol ýerde hormatly myhmanlar kitabyna ýazgy goýdylar. Şeýle hem, Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini hatyralamak üçin Ankara şäheriniň «Türkmenistan» seýilgähinde ýerleşýän türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we akyldarynyň ýadygärligine gül çemenini goýdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir