14–18-nji oktýabrda Nýu-Delide (Hindistan) Halkara derman serişdelerine gözegçilik guramasynyň (ICDRA) 19-njy maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleri hem gatnaşdy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Bu çäre Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldawy bilen, Hindistanyň hökümetiniň Merkezi derman serişdeleriniň Hindistan standartlaryna laýyklygyna gözegçilik edarasy, Saglygy goraýyş we maşgala abadançylygy ministrligi tarapyndan guraldy. Türkmenistanyň wekilleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hyzmatdaşlarynyň farmakologik gözegçiligi boýunça maslahatyna gatnaşdylar. Derman serişdelerini kadalaşdyryjy edaralaryň halkara maslahaty häzirem dermanlary kadalaşdyrmakda, şeýle hem dermanlaryň howpsuzlygyny, netijeliligini we hilini ýokarlandyrmakda BSGG-niň möhüm guralydyr. Ol maglumat alyş-çalşygy we umumy gyzyklanma döredýän meseleleri çözmekde bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzmek maksady bilen, 1980-nji ýyldan bäri geçirilýär. Şu ýylky maslahatyň mowzugy «Akylly-başly sazlama: hemmeler üçin lukmançylyk enjamlarynyň kepilli hiliniň üpjünçiligi» boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir