Canalys seljeriş kompaniýasynyň berýän habaryna görä, Samsung 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde hindi smartfon bazaryndaky öňdebaryjylygyny Vivo bilen Xiaomi-ä geçirdi. Sammobile-iň bellemegine görä, hindi bazary - dünýäde bäsdeşligiň iň güýçli bazarlaryň biri. 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde Vivo 9,1 million smartfon satmak bilen bazarda öňdeligi saklady we umumy satuwyň 19 göterimini emele getirdi. Xiaomi 7,8 million enjam we 17 göterim bazar paýy bilen ikinji ýeri eýeledi. 7,5 million smartfon iberen Samsung 16 göterim bazar paýy bilen ilkinji üçlügi soňlady. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Vivo-nyň üpjünçiligi 26 göterim, Xiaomi-niňki 3 göterim artdy, şol bir wagtda Samsung-yňky 4 göterim azaldy. Umuman alanyňda, 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde Hindistanda smartfon üpjünçiligi 9% artyp, 47,1 million birlige ýetdi, bu bazaryň dünýäniň öndürijileri üçin ähmiýetlidigini görkezdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir