Brilliance BMW Automotive Ltd. Kompaniýasy we BMW (China) Automotive Trading Ltd. 2011-nji we 2016-njy ýyllar aralygynda öndürilen 680 000-den gowrak ulagyň yzyna çagyrylýandygyny habar berdi. Yza çagyryş 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap amala aşyrylar diýip, 32Cars.ru habar berýär. Yza çagyryş awtoulaglaryň iki toparyna täsir eder. Birinji topara Brilliance BMW tarapyndan öndürilen modeller girýär: 3-nji seriýa (21 945 sany), 5-nji seriýa (458 486 sany) we X1 (19 108 sany). Ikinji topar 3-nji, 4-nji, 5-nji seriýalar, X1, X3, X4, X5, X6 we Z4 ýaly, import edilen awtoulaglary öz içine alýar, jemi 146 341 sany. Yza çagyryşyň sebäbi poslap bilýän elektrik sowadyjy nasos birleşdirijisinde ýüze çykýan mesele bilen baglanyşykly. Bu ýangyn töwekgelçiligini döredip, gysga utgaşmanyň döremegine sebäp bolup biler. Kemçiligi düzetmek üçin kompaniýa ähli ulaglary mugt gözden geçirer, zeper ýeten birikdirijileri çalşar we geljekki poslamagyň öňüni almak üçin gorag örtüklerini gurar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir