25-nji oktýabrdan başlap 70-nji “Awtokombinat – Gurtly” awtobus ugry täze ugur boýunça hereket eder diýip, Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy https://ayauk.gov.tm/ru/item/2406https://ayauk.gov.tm/ru/item/2406 berýär. Üýtgeşmä laýyklykda, bu ugurdaky awtobuslar “Awtokombinat” bellige alyş nokadyndan çykyp A.Nyýazow şaýoly – Gündogar köçe – Oguzhan köçe – N.Andalyp köçe – Görogly köçe – Taslama köçe – Gurbansoltan eje köçe – Ruhabat köçe “Gurtly” bellige alyş nokadyndan yzyna, “Gurtly” bellige alyş nokady Ruhabat köçe – Gurbansoltan eje köçe – Taslama köçe – Görogly köçe – N.Andalyp köçe – Oguzhan köçe – Gündogar köçe – A.Nyýazow şaýoly “Awtokombinat” bellige alyş nokadyna barar. Bellenilişi ýaly, bu üýtgeşmeler ýolagçy akymynyň köplügini göz öňünde tutup girizildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir