Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň sekretariatynyň hemişelik agzasy general Lyong Kyong ýurduň prezidenti wezipesine saýlanyldy. Bu barada VnExpress habar gullugyna salgylanyp, vedomosti.ru habar berýär. Ony prezident saýlamak karary Mejlisiň ähli wekilleri, ýagny jemi 440 adam tarapyndan kabul edildi. Şondan soňra Lyong Kyong kasam kabul etmek üçin münbere çykdy. Wýetnamyň täze saýlanylan prezidenti häzir 67 ýaşynda, ol 1975-nji ýylda ýurduň harby goşunynyň düzümine goşuldy. Ondan öň Lyong Kyong syýasy komissar, goşun okrugynyň baş müdirliginiň orunbasary we Wýetnamyň esasy syýasy müdirliginiň başlygy wezipelerinde işledi. Wýetnamyň 2013-nji ýyldaky Konstitusiýasyna laýyklykda, prezident deputatlaryň arasynda Milli Mejlis tarapyndan saýlanýar. Mundan öň, 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda To Lam Wýetnamyň prezidenti bolup, Wýetnamyň dolandyryjy partiýasynyň Merkezi komitetiniň baş sekretary wezipesine saýlanylypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir