Sişenbe güni Apple-iň paýnamalary 2,7 % - 237,49 dollara çenli galyp, iň ýokary derejä ýetdi. Muňa täzelenen iPad mini-niň yglan edilmegi we iPhone 16-nyň önümçiliginiň ösüş depgini boýunça oňyn çaklamalar sebäp boldy. Söwdalaşyk 233,85 dollar bilen pes ýapylsa-da, Apple-iň paýnamalary soňky alty aýda 35 göterimden gowrak ýokarlandy we Nasdaq 100 gazna indeksinden ep-esli öňe geçdi. Bloomberg-iň habar bermegine görä, Apple-iň kapitalizasiýasy gysga wagtda 3,6 trillion dollardan geçdi, bu hem görlüp-eşidilmedik üstünlik boldy. Apple-iň paýnamasynyň ýokarlanmagy, Morgan Stanley-iň seljerijileriniň habar bermegine görä, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, has ýokary bolan täze iPhone 16 modellerine bolan uly isleg bilen baglanyşykly. iPhone 16 Pro we iPhone 16 Pro Max üçin sargytlara garaşmagyň möhleti gysgalsa-da, geçen hepde bilen deňeşdirilende, iki gün köpeldi. Apple Intelligence-iň käbir aýratynlyklarynyň diňe şu aýyň ahyrynda, iOS 18.1 täzelenmesi gelensoň ABŞ-daky ulanyjylar üçin elýeterli boljakdygyny bellemelidiris. Dekabr aýynda iOS 18.2-niň çykmagy bilen has doly funksiýalar toplumy elýeterli bolar, emma Apple-iň ABŞ-yň daşyndaky beýleki müşderileri 2025-nji ýylyň martyna çenli olara girip bilmezler. Her niçigem bolsa, Apple -iň amerikan bazaryndaky täze önümlerine islegiň derejesi hem kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasynyň ösmegine itergi bermek üçin ýeterlikdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir