Ýaponiýanyň Bestcar neşiri 2026-njy ýylda çykmagyna garaşylýan Toyota Corolla-nyň ýakyn geljekki nesli barada täze maglumatlary çap etdi. Neşiriň habar bermegine görä, täze model doly ýangyçda we zarýad berlen batareýada 2000 km-den gowrak ýoly geçip bilýän gibrid ulgamynyň täze nesli bilen üpjün ediler. Esasy täzelik 1,5 litrlik 4 silindrli motory bolan gibrid hereketlendiriji bolar, onuň kuwwaty konfigurasiýasyna baglylykda üýtgäp biler: esasy wersiýasy takmynan 130 at güýji, ondan uly görnüşi 180 at güýji bolar. Gibrid ulgamyň öndürijiligi bazardaky iň täsirlilerden biri hökmünde ykrar edilen Hytaýyň BYD brendiniň çözgütleri bilen deňeşdiriler. Gürrüň PHEV DM-i platformasy hakda gidýär. Şeýle hem, Toyota ýakyn iki-üç ýylda BYD-nyň bu platformasy esasynda başga-da birnäçe modeli satuwa çykarmagy göz öňünde tutýar. Bestcar öň Toyota Land Cruiser 300 we Century modelleri barada takyk insaýder maglumatlaryny çap etdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir