Apple enjamlaryň doly utgaşdyrylmagyna ünsi jemläp, "akylly öý" bazaryndaky strategiýasyny üýtgedýär. Kompaniýanyň täze önümi bolan homeOS Apple-iň ähli enjamlarynyň we hyzmatlarynyň öý şertlerinde üznüksiz täsirleşmegini üpjün eder diýip, Bloomberg ýazýar. Kupertinalylar bu kararyň "akylly öýler" babatda Amazon, Google bilen bäsleşmekde orunlaryny berkitmäge kömek etjekdigine ynanýarlar. Amatlylyk üçin interaktiw ekranlar Möhüm täzelik diňe bir yşyklandyryş, wideo gözegçilik we multimediýa enjamlary üçin dolandyryş merkezi bolman, eýsem, wideo jaňlary, internete girmek we amaly programmalar bilen işlemek üçin akylly ekranlardyr. Olar geljegiň akylly öýüniň esasy elementine öwrüler. Emeli aň we şahsylaşdyrma Apple Intel Intelligence platformasy arkaly emeli aňy işjeň durmuşa ornaşdyrýar. AI ulgamy her bir maşgala agzasynyň isleglerine uýgunlaşmaga, yşyklandyryşy, temperaturany we beýleki görkezijileri aýratyn zerurlyklara sazlamaga mümkinçilik berer. Bu "akylly öýi" ulanmagyň şahsylaşdyrylan tejribesini döreder. Matter standart goldawy we beýleki brendler bilen utgaşyklylyk Kompaniýa açyklyga tarap ädim ädýär: Matter standartyny goldamaklyk Apple enjamlarynyň dürli öndürijileriň Smart-tehnikasy bilen sazlaşygyny üpjün eder. Bu bolsa ulanyjylara dürli enjamlary bir ekoulgama birikdirmegi aňsatlaşdyrar. AR enjamy: Vision Pro-nyň ýönekeýleşdirilen görnüşi Apple 2000 dollar töweregi baha bilen Vision Pro-nyň has amatly görnüşini çykarar. Täze modelde EyeSight funksiýasy bolmaz, onda kuwwaty pes bölekler we arzan materiallar ulanylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir