Angliýaly zenan Elli Dannington howa şarynda baryp gören ýurtlarynyň sany boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada Ruptly agentligine salgylanyp, iz.ru habar berýär. Özbegistan syýahatçy zenan üçin 118-nji ýurt boldy. Ol 20 ýyl bäri howa şarynda syýahat edýär. «Известия» teleýaýlymynyň habaryna görä, şarda gezelenç eden ýurtlarynyň sany boýunça erkek adamlaryň arasynda rekord Elliniň merhum adamsyna degişlidir: ol 128 ýurda baryp görüpdir. Syýahatçy zenan adamsynyň ýeten görkezijisini geçmegi maksat edinýär we syýahatyny mundan beýläk hem dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Ruptly agentliginiň belleýşi ýaly, Elli syýahat etmegi halaýan beýleki zenanlary hem howa şarynda syýahata çykmaga ruhlandyrmaga çalyşýar. Maglumat hökmünde bellesek, Elli Dannington aýal-gyzlaryň arasynda howa şary boýunça ilkinji halkara çempionatynyň guramaçysydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir