ABŞ-nyň Vast kompaniýasy Halkara kosmos stansiýasynyň (ISS) ornuny tutýan hususy orbital obýektleriň tapgyrynda ilkinji bolup biljek Haven-1 kosmos stansiýasyny işe girizmäge taýynlanýar. Stansiýa diňe bir tehniki enjamlary bilen däl, eýsem ylmy-hyýaly filmlerdäki sahnalary ýada salýan kaşaň interýerleri bilen hem ünsi çekýär. Haven-1-iň esasy aýratynlygy - adaty bolmadyk içerki dizaýny. Täsirli içerki interýere 1,1 metr diametrli uly penjire, kerkaw şpondan edilen örtki paneller we ekipaž üçin amatly gurşaw döredýän ýumşak örtgiler girýär. Stansiýada bir wagtyň özünde dört adam bolup biler, olaryň hersine agramsyzlyk şertlerine uýgunlaşdyrylan, amatly ýatyş düşegi bolan aýratyn kaýuta berler. “Kosmos düşeginiň” NASA-nyň öňki astronawty Endrýu Fýustel bilen bilelikde işlenip düzülendigi bellendi. Şeýle hem, stansiýada sport bilen meşgullanmak üçin meýdançaly hem-de hususy we döwlet sargytçylarynyň bähbidine ylmy synaglary geçirmek üçin ýerleri bolan 24 m³ meýdanly kaýut-kompaniýa bolar. Ekipažy orbita eltmegi we Ýere gaýtaryp getirmegi SpaceX kompaniýasy öz üstüne alýar, ol muny Starlink ulgamy arkaly internet aragatnaşygyny üpjün etmek bilen, Crew Dragon gämilerini ulanyp amala aşyrar. Haven-1-i 2025-nji ýylda uçurmak meýilleşdirilýär. Stansiýa üç ýyl işlär. Doly ýüklenende, onda ýylda 40 gün töweregi ýaşap bolar. Aslynda, ol wagtlaýyn kosmos myhmanhanasy bolar. Geljekde onuň ornuny içinde uzak wagtlap bolmaga niýetlenen has uly stansiýalar tutar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir