Koreýanyň “The Elec” maglumat portaly Samsung kompaniýasynyň geljek ýyl Galaxy S25 FE flagmanyny çykarmak meýilnamasy barada habar berdi. Ýöne eýýäm çykmaga taýýarlanýan Galaxy S25 hataryndan tapawutlylykda, Galaxy S25 FE heniz işläp taýýarlama tapgyryndadyr. Muňa garamazdan, model barada käbir tehniki maglumatlar belli boldy. Habar berlişi ýaly, Galaxy S25 FE inçe model hökmünde hödürlener, onuň galyňlygy Galaxy S24 ýaly 7,6 mm bolar. Muny has inçe akkumulýatoryň kömegi bilen gazanmak bolýar. Gurluşyň ekran diagonaly 6,7 dýuým bolup, Galaxy S24 FE-niň ekran diagonalyna gabat geler. Käbir çeşmeler Galaxy S25 FE-niň Snapdragon 8 Gen 3 for Galaxy ýa-da Snapdragon 8 Elite çibini aljakdygyny habar berýärler. Başga maglumatlara görä, bu modelde SoC Exynos 2500 firma çipseti ulanylar. Ýatlap geçsek, Samsung Galaxy S25 hatarynyň resmi premýerasynyň 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň ortasynda bolmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir