Mansory atelýesi Venatus Coupe Evo C kupesine öwrülen ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply Lamborghini Urus awtoulagynyň özboluşly görnüşini hödürledi diýip, 32Cars.ru habar berýär. Awtoulag tekerleriň merkezinde gulplary we garamtyl reňkleriň agdyklyk edýän içki böleginde açyk mämişi bezegi bolan gara kuzowy bilen tapawutlanýar. Futuristik atmosferany döredýän, awtoulagyň ýyldyzly içki üçegi özüne aýratyn ünsi çekdi. Awtoulagyň kapotynyň aşagynda 887 at güýjüni öndürýän we 1100 Nm aýlama pursady bolan güýçlendirilen 4.0 litrlik V8 hereketlendirijisi bar. Iň ýokary tizligi 323 km/sag bolan bu kuwwatly hereketlendiriji 2,9 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetýär. Bu görkeziji adaty Lamborghini Urus Performante-yň görkezijisinden has ýokarydyr. Mansory bary-ýogy sekiz sany Venatus Coupe Evo C öndürmegi meýilleşdirýär we her awtoulag daşky görnüşi we içerki aýratynlyklary boýunça özboluşly bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir