Çehiýaly belli balykçy Ýakub Wagner ýurduň taryhynda iň uly lakga balygyny tutup, milli rekordy täzeledi. Uzynlygy 2,64 metr bolan bu täsin balyk Znoýmo şäheriniň golaýyndaky Wranow sebitinde adaty balykçy çeňňegine ildi diýip, “Wokrug sweta” neşiri habar berýär. Wagneriň aýtmagyna görä, balygy tutmak üçin ýarym sagada golaý wagt gerek boldy. "Suwuň ýüzüne çykýan köpürjikler şeýle uludy. Bu balygy köpden bäri tutmagy arzuw edýärdim, indi bolsa ol meniň elimde" - diýip, Wagner aýtdy. Balykçy diňe bir rekord goýany üçin däl, eýsem, şeýle uly balyklaryň Çehiýanyň suwlarynda ýaşaýandygyna hem begenýändigini aýtdy. Balygy ölçänlerinden soň, Wagner ony yzyna goýbermek kararyna geldi. Lakga balygy assa-ýuwaş daşlaşdy. Mundan öňki rekordy hem Wagneriň özi goýupdy. Ol 2024-nji ýylyň iýun aýynda 261 santimetrlik lakga balygy tutdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir