Astronomlar Ýupiteriň Uly gyzyl tegmiliniň (UGT) adaty bolmadyk hereketini - Gün ulgamyndaky iň uly harasaty hasaba aldylar. Goddard kosmos uçuşlary merkeziniň 2023-2024-nji ýyllarda “Hubble” teleskopyny ulanyp geçiren barlaglary tegmiliň, takmynan, her 90 günden giňäp-gysylýandygyny görkezýär. Alymlar Ýupiterde 22 gradus günorta giňişlikde ýerleşýän tüweleýiň her 88,5 Ýer gününde özüniň uly ýarym okunyň ugry boýunça gysylyp-giňeýändigini gördüler. Tegmiliň bu häsiýetiniň näbelli bolmagynda galýandygy üçin, gyzyklanma we sorag döretdi. Alymlar UGT-niň sagatda 430 km tizlik bilen hereket edýän iki sany güýçli atmosfera akymynyň arasynda “gysylandygyny” düşündirýärler. Bu akymlar tüweleýi durnuklaşdyrýar we giňişlikde ýerini üýtgemeginiň öňüni alýar. Şeýle-de bolsa, gözegçilikler tüweleýiň atmosferanyň galan bölegine garanyňda günbatara tarap süýşýändigini görkezdi. Aslynda, bu hereket yzygiderli impulslary kesgitlemäge kömek etdi. Tüweleýiň ululygy 14 000 kilometrden gowrak, hatda giňişlikde ugrunyň sähelçe üýtgemegi hem möhüm üýtgeşmeleri görkezýär. Şeýle hem barlagçylar süýşmäniň tizligi bilen tüweleýiň ultramelewşe ýagtylygynyň arasyndaky baglanyşygy bellediler. Süýşme haýallan wagty tüweleýiň ýadrosy giňeýär we has ýagty bolýar, bu bolsa onuň üstündäki atmosfera ümrüniň azalandygyny görkezýär. Süýşmäniň çaltlaşan döwründe ýadro, tersine, gysylýar. Barlagçylar bu hadysanyň tebigatyna düşünmek üçin maglumatlary derňemegi dowam etdirýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir