12-nji oktýabrda Aşgabatda Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi diýip, TDH habar berýär. Dabara şeýle hem Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ermenistan Prezidentiniň ýanyndaky wekiliýet agzalary, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň käbir ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Institutda dabara mynasybetli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. Öň habar berşimiz ýaly, 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň çäklerinde Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň Prezidentine akyldar şahyryň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşirini sowgat berdi. Ermeni tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Magtymgulynyň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynda aýratyn orun eýeleýär. Onuň goşgulary parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edýär we medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, ýurtlaryňdyr halklaryň ýakynlaşmagy üçin köpri bolup hyzmat edýär.