Ispaniýaly alymlar Sewilýa soborynda jaýlanan galyndylaryň meşhur deňizçi Kristofer Kolumba degişlidigini tassyklamak bilen, köpden bäri dowam edip gelýän jedeli soňladylar diýip, The Guardian habar berýär. Hose Antonio Lorenteniň ýolbaşçylygyndaky barlag topary tarapyndan geçirilen DNK-nyň seljermesi dogany Diegonyň we ogly Fernandonyň nusgalary bilen genetiki materialyň gabat gelendigini ýüze çykardy. 1506-njy ýylda ýogalan Kolumbyň jesedi birnäçe gezek ondan-oňa göçürildi: ilki ol Walýadolide jaýlandy, soňra Espanýola, Kuba we ahyrda Sewilýa geçirildi. Bu hakykat uzak wagtlap barlaglaryň geçirilmegine sebäp bolup, jaýlanan galyndylaryň kime degişlidigine şübhe döretdi. Şeýle-de bolsa, Kolumbyň gelip çykyşynyň syry entek çözülmän galýar. Onuň watany baradaky çekişmeler dowam edýär: dürli barlagçylar onuň aslynyň italýan, portugal, katalon ýa-da grek bolandygyny öňe sürýärler. Ispaniýanyň monarhlarynyň howandarlygyndaky ekspedisiýalarynda Kristofer Kolumb Atlantik ummanynyň üstünden dört gezek syýahat etdi. Onuň ilkinji syýahaty 1492-nji ýylyň 3-nji awgustynda başlandy we iki aýdan gowrak wagt geçensoň, 12-nji oktýabrda Aziýa topraklary diýip hasaplan Bagam adalaryna baryp ýetdi. Şeýle-de, soňra ol Karib deňzini, Kubanyň we Espanolanyň (häzirki Gaiti we Dominikan respublikasy) kenarlaryny gözden geçirdi.