Apple emeli aň tehnologiýasyna esaslanýan Depth Pro atly täze programma hödürledi. Gural 2D şekilleri 3D obýektlere öwürmäge mümkinçilik berýär diýip, TechXplore habar berýär. Programma kamera hakynda goşmaça metamaglumatlary ulanmazdan, şekiliň çuňlugyny hasaplap bilýär. Tehnologiýa adaty grafiki prosessorlarda işleýän wagtyňyz bary-ýogy 0,3 sekuntda çuňluk kartalaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Depth Pro-yň işleýiş ýörelgesi adamyň goşa göz bilen görşüni ýada salýan, bir şekilden alnan wizual maglumatlaryň derňewine esaslanýar. Beýni çuňlugy duýmak üçin iki gözden alnan dürli maglumatlary işleýär, Depth Pro bolsa bir obýektiw kamera ulanylanda-da 2D suratlardan 3D kartalary döretmek üçin algoritm ulanýar. Çuňluk kartalary her piksel üçin obýektden kamera çenli uzaklygy görkezýär, bu bolsa häzirki standartlara garanyňda 3D effektlerini ep-esli gowulaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Tehnologiýa hakyky wagtda 3D kartalaşdyrmagy talap edýän robot we awtonom ulag ulgamlaryny goşmak bilen, köp sanly amaly ýerine ýetirýär. Apple bu programmany ykjam enjamlarda ulanmak 3D modelleriň döredilişini ep-esli aňsatlaşdyrjakdygyny we şekilleri gaýtadan işlemegiň wagtyny gysgaltjakdygyny tassyklaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir