Lexus gibridli, ýolsuz ýerden geçmäge ukyply flagman LX 700h awtoulagynyň täze ýokary derejeli wersiýasyny hödürledi. Bu model LX600 bilen deňeşdirilende kuwwatynyň ep-esli ýokarlanmagyna mümkinçilik berýän 3,5 litrlik V6 benzinli hereketlendirijini we elektrik komponentini öz içine alýan gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylandyr. Deslapky maglumatlara görä, täze önümiň kuwwaty 500 at güýjünden geçýär, öňki wersiýasynda bolsa 415 at güýji bardy. Şol bir wagtyň özünde täze gibrid hereketlendirijisi adaty benzinli görnüşinden has tygşytlydyr. LX 700h doly priwodly 10 basgançakly awtomatiki geçirijisi bilen üpjün edilendir. Gibrid ulgamynyň suwdan goralan batareýasy, ulagyň agyr şertlere garşy durmak ukybyny görkezip, 700 mm çenli çuňlukly saýlardan geçmäge mümkinçilik berýär. Awtoulagyň ölçegleri 5100x1990x1895 mm, teker bazasy - 2850 mm. Kämilleşdirilen güýç gurluşyndan başga-da, täze LX 700h syýahaty has rahat edýän 12,3 dýuýmlyk ekrany we kämilleşdirilen interfeýsi bolan täzelenen media ulgamyna eýedir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir