Hytaýda 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan sentýabr aýy aralygynda 195 sany täze awtomobil modeli arzanlady. Bu barada Hytaýyň ýeňil awtomobiller assosiasiýasynyň (CPCA) baş sekretary Suý Dunşuwa salgylanyp, CarNewsChina habar berýär. Şeýlelikde, benzin hereketlendirijisi bolan 71 sany awtomobil modeli ortaça 15 müň ýuan (takmynan, 2,1 müň dollar) arzanlady, şeýle awtoulagyň ortaça bahasy 9,3% peseldi. Gibrid awtoulaglardan hem 13 model 15 müň ýuan arzanlady (ortaça baha 8,3% pese düşdi). Zarýad berilýän gibridler (29 model) ortaça 24 müň ýuan (häzirki hümmet boýunça 3,3 müň dollar), geçýän menzili artdyrylan elektromobiller (13 model) 14 müň ýuan (takmynan, 2 müň dollar) arzanlady. Bahalaryň pese düşmegi “arassa” elektromobillere-de täsir etdi, şeýle ulaglardan 69 model ortaça 23 müň ýuan (3,2 müň dollar) arzanlady.