Osloda 2024-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi. Baýrak “hibakusýany” – Hirosimadaky we Nagasakidäki atom partlamalarynyň pidalaryny birleşdirýän “Nihon Hidankio” ýapon guramasyna berildi. Gurama “ýadro ýaragyndan azat dünýäni gurmak ugrundaky tagallalary üçin” bellenildi. Laureatlar “ýadro ýaragynyň indi hiç haçan ulanylmaly däldigini şaýatlaryň görkezmeleri bilen görkezýärler” diýip, Nobel komiteti belledi. “Nihon Hidankionyň” egindeş başlygy Mimaki Tosiýuki guramasyna Nobel baýragynyň berilmegi bilen bagly geçirilen metbugat maslahatynda ýadro ýaragynyň bütinleý ýok edilmelidigini belledi. Parahatçylyk baýragy Nobel hepdeliginde iň soňkudan öňki baýrakdyr. Alfred Nobeliň soňky islegine görä, onuň wesýetnamasyna laýyklykda esaslandyrylan beýleki baýraklardan tapawutlylykda, bu baýrak Stokgolmda däl-de, Osloda berilýär. Mundan öň, fiziologiýa we lukmançylyk, fizika, himiýa we edebiýat boýunça Nobel laureatlary belli boldy. 14-nji oktýabrda 2024-nji ýylyň iň soňky Nobel laureatlary – Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýragyň eýeleri yglan ediler. Baýraklar laureatlara 10-njy dekabrda – Alfred Nobeliň aradan çykan güni Stokgolmda we Osloda gowşurylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir