Häzirki wagtda Nýurburgring ýolunda synagdan geçirilýän 2025-nji ýylyň Mercedes-AMG CLE 63 awtoulagynyň ilkinji suratlary peýda boldy diýip, IT Home habar berýär. Başda bu modelde 4,0 litrlik V8 hereketlendirijisini ulanmakdan ýüz öwrüljekdigi çak edilýärdi. Şeýle-de bolsa, soňky çaklamalara görä, 585 at güýji bolan ýokary kuwwatlylygy üpjün etjek gibrid elementleriniň goşulmagy bilen bu hereketlendiriji awtoulagda ulanylar. Täze CLE 63 ozalky C-Class we E-Class modelleriniň iň gowy häsiýetlerini özünde jemlär. Awtoulagyň arka tarapynda, onuň sport ulagydygyny we kuwwatlylygyny görkezýän 4 gaz turbasy ýerleşdirilendir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir