Şu gün, 12-nji oktýabrda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Irden dostlukly döwletiň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Oguzhan adyndaky köşkler toplumyna tarap ugrady. Galkynyş köçesinden başlap, Türkmenbaşy – Galkynyş köçeleriniň aýlawyna çenli Mongoliýanyň Prezidentini atly hormat nyzamy ugratdy. Köşkler toplumynyň merkezi girelgesiniň öňünde belent mertebeli myhmany Serdar Berdimuhamedow garşylady. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh dostlarça salamlaşyp, köşgüň içine girýärler, şol ýerde mongol Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, iki ýurduň Baştutanlary “Rowaç” zalyna barýarlar. Şol ýerde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi. Bellenilişi ýaly, türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mazmyna ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ählumumy ösüşiň ýörelgelerine garaýyşlary babatda doly özara düşünişmek bilen şertlendirilendir. Ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak meselelerine biziň çemeleşmelerimiziň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi munuň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bitarap daşary syýasat ugruny, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny Mongoliýanyň köp ýyllaryň dowamynda we berk goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirildi. Bellenilişi ýaly, öz gezeginde, Türkmenistan hem Mongoliýanyň dünýä syýasy giňişliginde öňe sürýän garaýyşlaryny we halkara ähmiýetli tekliplerini mundan beýläk-de goldamagy maksat edinýär. Mongol Lideri özara hormat goýmak we netijelilik häsiýetine eýe bolan hem-de iki dostlukly halkyň bähbitlerine doly laýyk gelýän döwletara dialogyň ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda söhbetdeşler türkmen-mongol gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow Uhnaagiýn Hurelsuh uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, gatnaşyklaryň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň umumy bähbitlere, şeýle hem durnukly ösüşiň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini bellediler. Taraplar şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň iki döwletiň Baştutanlary “Magtymguly” zalyna bardylar we şol ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylyň 23-nji aprelinde diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan döwründen bäri Mongoliýanyň Türkmenistana ilkinji döwlet saparyna döwletara dialogyň taryhynda hil týdan täze tapgyryň başlanýandygy hökmünde baha berilýär. Bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär.