Taýwanyň tehnologiýa ägirdi bolan Foxconn kompaniýasynyň Foxtron awtoulag bölümi täze "Model D" elektrik miniwenini hödürledi. Awtoulag Pininfarina dizaýner studiýasynyň gatnaşmagynda döredildi diýip, Autocar habar berýär. Bu model D-segmentine degişli bolup, onuň uzynlygy 5,13 m, ini bolsa 1,99 m. WLTP standarty boýunça geçirilen synaglaryň netijesinde, awtoulag bir zarýadda 659 km geçdi. Bu görkeziji miniweni Peugeot e-5008-den öňe geçirip, 7 adamlyk elektromobilleriň arasynda öňdebaryjy edýär. Awtoulag 120 kW/s kuwwatlylygy bolan litiý-demir-fosfat (LFP) akkumulýatory bilen enjamlaşdyrylandyr. Foxtron Model D-niň esasy aýratynlygy, oňa ýokary energiýa durnuklylygy üpjün edýän bary-ýogy 0,23 Cd bolan aerodinamiki garşylygynyň pes görkezijisidir. Model D-niň platformasy ZF Chassis Modules kompaniýasynyň gatnaşmagynda işlenip düzüldi. Awtoulagyň 6 adamlyk wersiýasynda iPhone üçin zarýad berýän enjamlar we öňki oturgyçlarda iPad üçin portlar ýerleşdirilendir. Foxtron Model D-niň köpçülikleýin önümçiligine 2 ýyldan başlamak meýilleşdirilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir