Tesla häzirki wagtda adaty tekerleri doly hereketli model üçin 80 000 dollar bahasy bolan Cybertruck kysymly pikapyň has elýeterli görnüşini hödürledi. Insideevs-iň habar bermegine görä, bu Foundation Series-iň öňki wersiýasyndan 20 müň dollar arzan. Bu ädim awtoulagyň giň köpçülige elýeterliligini giňeldýär. Kompaniýa birnäçe ýyl ozal Cybertruck üçin deslapky sargytlary kabul edip başlapdy we 2020-nji ýyla çenli sargytlaryň sany 535 000-e ýetdi. Bu modeliň üýtgeşik dizaýnyna we häsiýetnamasyna gyzyklanmanyň uludygyny görkezýär. Tesla-nyň baş direktory Ilon Mask öňünden modeliň şowsuzlyga uçramagynyň mümkindigi özüni aladalandyrmaýandygyny aýtdy. “Dogrymy aýtsam, Cybertruck-yň şowsuzlyga uçramak ähtimallygy hemişe-de bar, sebäbi ol beýlekileriň hiç birine-de asla meňzänok. Maňa bary bir. Başgalar halamasa-da, men ony gaty gowy görýärin. Beýleki pikaplar şol bir zadyň nusgalaryna meňzeýär, emma Cybertruck geljekden gelen gaýry planetalylar tarapyndan ýasalan ýaly "-diýdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir