Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy adaty bolmadyk Mijia Foldable Food Warming Board aşhana enjamyny çykardy. Bu ykjam gajet, mikrotolkunly pejiň ornuny tutup biler diýip, Gizmochina ýazýar. Tagtada 5 ýyladyş režimlerinden (40°C-den 130°C-e çenli) birini saýlap iýmiti tabakda durka gyzdyryp bilersiňiz. Şeýle-de onuň üstüne çäýnek ýa-da bulgur hem goýup bolýar. Enjam deň ýylylyk paýlanyşyny üpjün edýän grafen ýyladyş gatlagy bolan üç aýna panelden durýar. Tagta 130°C çenli gyzyp, suwy 4 minutda gaýnadyp bilýär. Enjamyň özüni 100°C çenli gyzdyrmak üçin bary-ýogy 10 sekunt gerek. Tagtanyň esasy aýratynlygy, onuň eplenip bilmegindedir. Enjamyň esasyndaky aerogel izolýasiýasy, ýylylygy stola geçirmeýär, bu bolsa onuň ulanyş howpsuzlygyny kepillendirýär. Şeýle hem tagta sensor dolandyryş paneli we kiçi taýmerli ekran bilen üpjün edilendir. Mijia Foldable Food Warming Board 23-nji oktýabrda Hytaýda satuwa çykarylar. Täze önümiň bahasy 64 dollar, bu bolsa adaty mikrotolkunly peçlerden has amatlydyr.