ABŞ-dan 16 ýaşly Maýkl Artiaga “Tetrisiň” 255 derejesini tamamlady, şondan soň oýun täzeden başlady diýip, Bi-bi-si habar berýär. Geçen ýekşenbe güni ol Nintendo wersiýasynda oýnap, Twitch-de göni ýaýlymy alyp bardy. dogplayingtetris ady bilen oýnaýan amerikaly ýetginjek 82 minutda 255 derejäni tamamlady. Neşir oýunçynyň oýnuň 155-nji derejeden soň ýalňyşlyk bermeýän Nintendo Entertainment System (NES) konsoly üçin döredilen wersiýasyny ulanandygyny belleýär. Şeýlelikde, ýetginjek “Tetrisi” täzeden başladan taryhda ilkinji adam boldy. “Men bu oýnuň gutarandygyna diýseň begenýärin. Men indi bu oýny hiç haçan oýnasym gelmez” – diýip, neşir Maýklyň sözlerini getirýär. Mundan öň, Oklahomadan 13 ýaşly Uillis Gibson “Tetris” oýnunyň asyl wersiýasyny ahyryna çenli geçen dünýäde ilkinji adam boldy. Ol şu ýylyň ýanwar aýynda oýnuň 157-nji derejesine ýetdi, şondan soň oýun mundan beýläkki programma kodunyň ýoklugy sebäpli togtady.