7-nji oktýabrda SpaceX kompaniýasy Ýewropa kosmos agentligi (ESA) bilen bilelikde Dimorfos asteroidini öwrenmek üçin Hera kosmiki gämisini uçurdy. Uçuş Florida ştatynyň Kosmos güýçleri stansiýasyndan Falcon 9 kysymly raketa göterijiniň kömegi bilen amala aşyryldy diýip, Space.com habar berýär. Hera apparaty 2022-nji ýylda NASA-nyň DART apparaty tarapyndan traýektoriýasyndan aýrylan Dimorfosy öz içine alýan goşa Didim asteroidler ulgamyna tarap ugraýar. 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda üstünlikli geçirilen DART missiýasy Ýere tarap hereket edip biljek howply obýektleri sowmak ukybyny barlamagy maksat edinýär. DART apparatynyň urgusy planetar goranyş tehnologiýalaryny ösdürmekde möhüm ädim bolup, Dimorfosyň orbitasyny üýtgetdi. Indi Hera 2026-njy ýylda asteroide ýakynlaşyp, çaknyşygyň netijelerini öwrener. Apparat urgudan soň emele gelen krateri jikme-jik surata alar we onuň düzümini seljerer. Hera zondy ýolugra 2025-nji ýylda Marsyň deňinden geçip, tizlenmek üçin onuň agyrlyk güýjüni ulanar. Oňa iki sany kiçi hemra - Milani we Juventas ýoldaş bolar, olar hem Dimorfosyň gurluşyny we üstüni hem öwrenerler. Wezipäniň maksady - asteroid ulgamlarynyň dinamikasy baradaky düşünjäni çuňlaşdyrar we geljekde şuňa meňzeş obýektlerden abanýan howpdan goranmak strategiýasyny işläp düzmek.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir