Motor1 portaly 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde ABŞ-da iň pes satuwy bolan awtomobilleriň reýtingini hödürledi. Sanawda Hyundai, Toyota we Lexus ýaly belli brendler hem bar. Olaryň arasynda Hyundai Nexo iň pes netijäni görkezdi – iýul aýyndan sentýabr aýy aralygynda bary-ýogy 89 birlik satyldy. Ýöne munuň wodorod modelidigini we diňe Kaliforniýada satylýandygyny bellemek gerek, üstesine-de onuň bahasy 60 müň dollardan başlaýar. Sanawda onuň yzyndan Toyota Mirai gelýär – bu wodorodomobil üçünji çärýegi 346 satylan birlik bilen jemledi. Fiat 500-üň satuwy 439 awtomobil boldy, Genesis G90 bolsa, ýokary bahasyna garamazdan, 1017 birlik mukdarda satyldy. Käbir beýleki modeller hem ýokary bolmadyk netijeleri görkezdiler. Lexus LC-niň satuwy 1294, bu ýapon markasynyň ýene bir modeli Lexus RC-niň satuwy bolsa 1370 awtomobile ýetdi. BMW XM we Z4, degişlilikde, 1385 we 1471 birlik tiraž bilen satyldy. Şeýle-de, sanawa Audi Q8 Sportback e-Tron (1594 birlik), Lexus LS (1706 birlik) we Subaru BRZ (2323 birlik) girdi. Brendleriň meşhurlygyna garamazdan, bu awtomobillere amerikan bazarynda isleg o diýen ýokary däl.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir