“Inter Maýaminiň” we Argentinanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Lionel Messi “Messi Fragrances” ady bilen öz atyr hataryny işe girizdi. Ilkinji hoşboý ys Leo Messi Eau De Parfum boldy. Ol 10-njy oktýabrda 100 mln üçin 105 dollar baha bilen satuwa çykar. Sowgatlyk toplumynyň bahasy 120 dollara barabar. “Men atyr bilen hemişe gyzyklanýardym we indi öz firma atyrymy döredendigime diýseň begenýärin. Bu dünýädäki ähli muşdaklar üçin şahsylaşdyrylan çüýşede, hakykatdanam, özboluşly we ruhlandyryjy hoşboý ys” – diýip, Messi sosial ulgamlarda ýazdy. Hoşboý ysyň aýratynlyklary: Ýokarky ys öwüşginleri: ter kardamon, alma ýapragy, ýabany serwi; Ortaky ys öwüşginleri: Natureprint derisi, fransuz irisiniň köki, lawanda; Aşaky ys öwüşginleri: Wirjiniýa kedri, wanil, paçuli. “Diňe bir futbol ikonasy bolmadyk adamdan ruhlanan bu hoşboý ys Messiniň sada, ýöne güýçli şahsyýetiniň esasyny görkezýär. Bu her birimizde bar bolan gizlin güýji we asuda ynamy oýarmaga gönükdirilen, legendanyň köptaraplaýynlylygyny görkezýän ajaýyp syýahat. Gözüň görüş çäginden çykýan wakany gürrüň berýän hoşboý ys” – diýlip, atyryň beýanynda aýdylýar. Ýatlap geçsek, ýakynda “Inter Maýami” öz taryhynda ilkinji gezek yzygiderli MLS çempionatynda möhletinden ir ýeňiji boldy. Yzygiderli möwsümiň jemleýji oýnunda klub öýünde “Nýu-Inglend Rewolýuşn” topary bilen oýnar. Duşuşyk 20-nji oktýabrda geçiriler. MLS-iň pleý-offy 23-nji oktýabrda başlar we 7-nji dekabrda tamamlanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir