Rhein-Neckar-Verkehr (RNV) ulag bileleşigi we Çehiýanyň Škoda Group öndürijisi dünýäde iň uzyn tramwaýy hödürlediler. Ilkinji nusga Germaniýanyň Mangeým şäherinde işe girizildi diýip, Radio Prague Int habar berýär. Tramwaýyň uzynlygy 60 metr bolup, her biri 6 metr bolan on wagondan ybarat. Ol 368 ýolagça niýetlenýär. Tramwaýyň iň ýokary tizligi sagatda 80 km ýetýär, bu bolsa häzirkilerden 20 km tizdir. Onuň içinde kondisioner, gatnaw maglumatlaryny berýän ekran, hereketi çäkli ýolagçylar üçin enjamlar ýaly häzirkizaman amatlyklar göz öňünde tutulan. Bu tramwaý diňe bir Mangeým boýunça däl, eýsem Reýn-Nekkar sebitindäki ilatly nokatlary-da birleşdirip, şäher etegindäki ugurlar boýunça-da gatnar. Bu şäher etegindäki ýaşaýjylaryň şäher merkezlerine çalt we rahat barmagyny üpjün eder. RNV bilen Škoda-nyň arasyndaky şertnama görä, 2026-njy ýyla çenli 114 wagon ýola goýlar. Şolardan 80 sanysynyň 265 mln ýewro düşjekdigi mälim. Täze tramwaý 1960 – 2000-nji ýyllarda öndürilen köne tramwaýlaryň ornuny çalşar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir