Öň, 2-nji oktýabrda özboluşly kosmos hadysasynyň – halka şekilli Gün tutulmasynyň bolup geçendigini habar beripdik. Bu ýagdaýda Aý Günüň görünýän ýüzüniň, takmynan, 90%-ini ýapýar. Beýik Britaniýadan astrofotograf Joş Dýuri bu pursaty surata almak üçin iň gowy ýeri tapdy. Çilidäki Pashi adasynda bolmak bilen, ol ýerli wagt boýunça 12:23 bilen 15:52 aralygynda 21 kadr almagy başardy, soň olar bir surata birleşdirildi. Şeýle şowuna düşen rakurs Dýurä özüniň ýüzlerçe moai heýkeli bilen belli bolan “Rano Raraku” milli seýilgähiniň ýapyk bölegine girmäge rugsat beren ýolbelet dostunyň kömegi bilen mümkin boldy. 1250 – 1500-nji ýyllar aralygynda aborigenler tarapyndan döredilen bu adam ýüzli daş monolitleri adanyň esasy ýadygärlikleri hasaplanylýar. Häzirki wagtda her biriniň agramy 75 tonna ýetýän 887 heýkel tapyldy. Şeýle-de bolsa, alymlara häzire çenli olaryň maksady belli däl.