Ýeriň iň beýik nokady bolan Ewerest dagy soňky 100 müň ýylda 10-50 metr ösdi. Bu Gimalaý daglarynda derýalaryň özara täsiri netijesinde ýüze çykan seýrek geologik proses bilen baglanyşykly diýlip, “Nature Geoscience” žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar. Hytaýyň Ýer ylymlary uniwersitetiniň we Londonyň Uniwersitet kollejiniň alymlarynyň täze ylmy gözlegleri Tibetde Jomolungma we Nepalda Saragmatha ady bilen hem belli bolan Ewerestiň ösüş tizligine gaýtadan seretmäge itergi berdi. Öň, dag ýylda 1 mm ulalýar diýlip hasaplanylypdy, ýöne GPS ölçegleriniň we kompýuter modelirlemäniň netijeleri tizligiň ýokarydygyny – ýylda 2 mm barabardygyny delillendirýär. Bu “derýa talaňy” diýilýän zat bilen düşündirilýär: takmynan, 89 müň ýyl ozak Kosi derýasy Arun derýasynyň goşandyny özüne alýar, bu hem sebitiň geologiki gurluşynyň üýtgemegine getirýär. Ýagny, Ewerestden aşakdaky jülgelerden dag jynslarynyň ýuwulmagy mantiýa düşýän basyşy azaldýar we netijede “izostatiki böküşe” getirýär. Bu düşýän agram azalandan soň, Ýer gabygynyň ýokary galmak prosesidir. Jomolungmanyň ösmeginiň esasy sebäpleriniň biri tektoniki plitalaryň hereketi bolmagynda galýar, ýöne derýa eroziýasy bu prosesiň çaltlaşmagynda möhüm rol oýnaýar. Şeýle hadysalar Alp daglary we Antarktida ýaly beýleki dag ulgamlarynda-da hasaba alyndy. Belläp geçsek, häzirki wagtda Ewerestiň beýikligi deňiz derejesinden 8848 m barabar. Dag, takmynan, 40 – 50 mln ýyl ozal Hindi we Ýewraziýa tektoniki plitalarynyň çaknyşmagy netijesinde emele gelipdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir