4-nji oktýabrda Toyota Gazagystanda Camry sedanynyň täze nesliniň satuwyna başlar. Täze model benzinli hereketlendiriji we gibrid enjam bilen hödürlener diýip, kolesa.kz habar berýär. Diňe benzinli görnüşiniň bahasy 18,8 - 22,8 million teňňe (39,1 müň - 47,4 müň dollar), gibrid görnüşi - 21,8 - 23,79 million teňňe (45,3 müň – 49,5 müň dollar) aralygynda. Gazagystanda Hytaýda ýygnalan däl-de, Ýaponiýada ýygnalan sedanlaryň satyljakdygyny bellemek möhümdir. Esasy bukjada 204 at güýji kuwwaty bolan 2,5 litrlik benzinli hereketlendiriji we 8 tizlikli awtomat bar. Gibrid wersiýa umumy 230 at güýjüni hödürleýär. 100 km/sag tizlige çykmak üçin, degişlilikde, benzin we gibrid görnüşleri üçin 8,9 we 7,2 sekunt gerek. Enjamda ýedi sany howpsuzlyk ýassygy we sürüjiniň kömekçileri toplumy, goşa zolakly howa-gözegçilik, 7 we 12,3 dýuým ekranly media ulgam we alty sany dinamik, öňdäki oturgyçlary gyzdyryjy, ýagtylyk we ýagyş datçikleri, simsiz zarýad beriji we açarsyz giriş ulgamy bar. Şeýle-de bolsa, esasy wersiýanyň içi mata bilen bezeler. Has köne wersiýalary eko deri bilen bezelip, oturgyçlary ýelejirediji, ionizatorly üç zolakly howa-gözegçiligi, töwerekleýin görkezýän kameralar, ýatly elektrik sazlaýjy we 12,3 dýuýmlyk gural paneli bilen enjamlaşdyrylan.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir