Ýewropa kosmos agentligi (ESA) 2027-nji ýylda Ýeriň atmosferasynda ýakmak üçin DRACO (Destructive Reentry Assessment Container Object) hemrasyny goýbermegi meýilleşdirýär. Kosmosa uçurylýandygyna garaamzdan, emeli hemranyň ýok edilişi gözegçilik astynda saklanar diýip, “Wokrug sweta” neşiri ýazýar. Kosmos gämileriniň ýok edilişi we onuň daşky gurşawa täsiri barada maglumatlary ýygnamak üçin synag missiýalary zerurdyr. DRACO-nyň dört kamerasy we ýüzlerçe datçik (kir ýuwýan maşynyň ululygy we agramy 200 kg) tarapyndan toplanan maglumatlar hemra hatardan çykarylanda kosmos galyndylarynyň döremegini azaldýan tehnologiýalary ösdürmäge kömek eder. Ýörite goragly kapsula iň soňky pursada çenli maglumatlary geçirer, şondan soň paraşýut bilen aşak düşer. ESA-nyň kosmos howpsuzlygy bölüminiň başlygy Holger Kreg: "DRACO tarapyndan toplanan özboluşly maglumatlar 2030-njy ýyla çenli has netijeli dargaýan hemralary gurmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalary döretmäge ýol açar" -diýdi. Bu missiýa 2030-njy ýyla çenli kosmosda galyndy galdyrmagy togtatmagy maksat edinýän Zero Debris charter taslamasynyň bir bölegidir. Ýeriň töwereginiň orbitasynda kosmos galyndylarynyň toplanmagy ýyl geldikçe çynlakaý meselä öwrülip barýar, sebäbi ulanyşdan galan emeli hemralar we raketa basgançaklary, şeýle hem olaryň galyndylary orbital apparatlara işlemek üçin çynlakaý howp döredýär.